Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Emomali Rahmon şu gün resmi sapar bilen Moskwa barar

09:0515.03.2025
0
12647
Emomali Rahmon şu gün resmi sapar bilen Moskwa barar
Surat: Yeni Şafak

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon şu gün iki günlük resmi sapar bilen Russiýa barar. Bu barada Respublikanyň Daşary işler ministrliginiň Habarlar we çap işleri edarasynyň başlygy Şohin Samadä salgylanýan TASS habar berdi.

«15-17-nji martda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasynda bolar» diýip, Samodi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Rahmon we Putin iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlarda, howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlygyň giň meselelerine gararlar. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň gyzyklanma bildirilýän meseleleri barada pikir alşarlar. Prezidentler gepleşikleriň netijeleri boýunça özara hyzmatdaşlyk babatda resminamalaryň toplumyna gol çekerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň