Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mamontlar Ýere gaýdyp gelip bilerler

09:0410.03.2025
0
10939
Mamontlar Ýere gaýdyp gelip bilerler
Surat: Rg.ru

ABŞ-da 2028-nji ýyla çenli ýüňli mamontlary dikeltmek isleýärler, bu barada «Colossal Biosciences» biotehnologik we gen inženeriýasy kompaniýasynyň baş ylmy işgäri Bet Şapiro «The Telegraph» neşiri bilen söhbetdeşliginde habar berdi.

Munuň üçin baky doňaklykdan galyndylary ele salnan mamontlaryň DNK-sy esas bolar. Mamontlaryň çagalaryny hindi pilleri dogurarlar.

Häzirki wagtda alymlar mamontlary dikeltmek üçin ferma gözleýärler, bu ugurda ýüňli mamontlaryň ýaşan döwürlerindäki ýaly amatly howa şertli birnäçe ýurtlar bilen gepleşikler alnyp barylýar. «Biziň maksadymyz mamontlaryň ýabany tebigatda ýaşamagydyr» diýip, Şapiro nygtady.

«Colossal Biosciences» ýitip giden dodo guşlaryny ýaşaýşa gaýtaryp getirmek üçin tagalla edýän Mawrikiýanyň biologlary bilen hem hyzmatdaşlyk edýär. Bu barada «rg.ru» habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň