«MIR 24» şu gün – 8-nji martda dünýäde haýsy seneleriň baýram edilýändigini gürrüň berdi.
Elbetde, olaryň arasynda ilkinji nobatda Halkara zenanlar güni durýar. Ony baýram etmek pikiri geçen asyryň başynda peýda boldy. 1910-njy ýylda Kopengagende geçen Sosialistik Internasionalyň ýygnagynda bu baýramy döretmek pikiri bilen nemez işjeň zenany Klara Setkin çykyş etdi. Teklip maslahata gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan goldanyldy. 1911-nji ýylyň 19-njy martynda Halkara zenanlar gününi ilkinji bolup, Awstriýanyň, Daniýanyň, Germaniýanyň we Şweýsariýanyň ýaşaýjy zenanlary bellediler. Olar zenanlar üçin erkekler bilen deň hukuklary talap edip, ýöriş guradylar.
Bu güni hut 8-nji martda bellemek däbi 1914-nji ýylda peýda boldy, şol gün Ýewropanyň köp ýurdunda, Russiýada, ABŞ-da we beýleki ýurtlarda garşylyk çykyşlary boldy.
1975-nji ýylda BMG 8-nji marty Zenanlaryň halkara güni diýip yglan etdi.
8-nji martda şeýle hem dünýäde Korrektor düzediş güni bellenýär, ol sowatly we ýalňyşsyz ýazmaga hem-de hat ýazmak medeniýetini wagyz etmäge bagyşlanandyr. Bu güni ähli korrektorlar özleriniň hünär baýramy diýip belläp bilerler. Bu baýram 2010-njy ýylda ABŞ-da ilkinji gezek bellendi.
8-nji martda şeýle-de Bahar ganatlary güni, Habar binagärliginiň bütindünýä güni, Bil torbasynyň halkara güni bellenýär.