Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň geçen ýylyň dowamynda Halkara zähmet guramasy bilen bilelikdäki işiniň netijeleri boýunça mejlis geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, oňa degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň, şeýle hem welaýat häkimlikleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Halkara zähmet guramasynyň wekiliýetine Baş direktoryň kömekçisi, sebitleýin direktor Beata Andres ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň işine gatnaşyjylar «2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Ýol kartasyna» laýyklykda geçirilen işleriň netijelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu ýylyň dowamynda bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek babatda öňde duran ädimler boýunça hem pikir alyşyldy diýlip, habarda bellenilýär.