Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy

10:1228.02.2025
0
13096
Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň Prezidentleri Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy
Surat: Orient.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, 26-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Gyrgyzystanyň döwlet Baştutanyna 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylyk gowşuryldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda R.Meredow Gyrgyzystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Sadyr Žaparow özüne we Gyrgyzystanyň halkyna hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň hökümetine mähirli salamyny we minnetdarlyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ýokary depginli ösüşini tassykladylar.

Konstruktiw ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň gatnaşmagynda öňde duran çäreleri, hususan-da, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara forumy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ýollanan 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara foruma çakylygy gowşurdy.

Gyrgyzystanyň döwlet Baştutany gyrgyz tarapynyň ýokary wekilçilikli derejede Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçiriljek çärelere gatnaşmak meýliniň bardygyny mälim etdi.

***

Ozal habar berşimiz ýaly, 25-nji fewralda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda türkmen diplomaty Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gazagystanyň Prezidentine ýollanan 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak baradaky çakylyk gowşuryldy.

Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň başynda ministr M.Nurtleu Türkmenistany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagy hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine bolan ähmiýetine ýokary baha berdi.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Gazagystan Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga Gazagystanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Taraplar 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejelerdäki çäreleriň rejesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýollanan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara foruma resmi çakylyk gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň