Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen tumarynyň taryhyndan ylham alan DÄP brendi GOÇAK atly ýazky kolleksiýasyny hödürleýär

10:0127.02.2025
0
22399

DÄP brendi GOÇAK atly täze URBAN SPRING '25 drop ½ diýen kapsul kolleksiýasyny çykardy. Kolleksiýa türkmen tumary baradaky rowaýatdan gelip çykýan çopan gyzynyň şekilinden we dag tekesiniň şahlaryny alamatlandyrýan goçakdan ylham alýar. Bu gadymy däpleriň häzirki zaman ugurlary bilen utgaşmasy kolleksiýa aýratyn ruhy güýç we ynam duýgusyny berýär.

Täze lybaslar hatary milli äheňleriň we häzirki zaman ugurlaryň sazlaşykly utgaşmasyny görkezýär. Kolleksiýadaky her bir önüm taryhyň bir bölegini gürrüň berýär: «lapşa» matasyndan edilen uzyn ÇEMEN köýnegi, goçak nagyşlary görnüşinde keşdelenen SÜNBÜL penjegi, şol bir nagyşly, brendiň haryt nyşany görnüşinde stilizirlenen jalbarlar, tematiki suratlar çekilen printlenen futbolkalar we brendiň şygary bolan HORJUN torbasy.

«Biz türkmen halkynyň taryhyny şöhlelendirýän kolleksiýa döretmäge çalyşdyk. Asyrlaryň dowamynda tumarlar halky göz degmeden we erbet güýçlerden gorapdyr. Biz bu taryhy türkmen halkynyň keşdeçilik sungatynda janlandyrdyk, bu keşdeler kolleksiýanyň ähli önümini diýen ýaly bezäp dur» — diýip, brendiň dizaýnerleri belleýärler.

Kolleksiýanyň tapawutly aýratynlygy onuň reňk öwüşgini bolup, onda her bir äheň hakyky türkmen adyna eýedir. Möwsümiň esasy reňkleriniň arasynda - ülje, tüsse, ümür, köz we sary kişmiş reňkleri bar. «Lapşa» ýaly ýapyşýan, dem alýan kendir we jalbarlyk matalary ýaly kolleksiýanyň matalary ýazky maýlamany nazara alyp saýlanandyr we ony geýýänlerde rahatlyk we ynamlylyk duýgusyny döredýär.

GOÇAK kolleksiýasy eýýäm DÄP brendiniň şu salgylardaky dükanlarynda elýeterlidir:

  • «Berkarar» SDAM, 2-nji gat, C-37A dükan;
  • «Arkaç» SDAM, 2-nji gat.

Habarlaşmak üçin:

  • sosial ulgamdaky sahypa;
  • telefon belgisi (+993 61) 85 77 70, (+993 64) 58 73 88.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň