Yzyny üzmän ýagýan gar Ýaponiýanyň kenar ýakalaryny hakyky synaga saldy. Ýollar, agaçlar we öýleriň üçekleri gar üýşmeklerine baslygyp ýatyr diýip, «MIR 24» ýazýar.
Ýurduň Minamiuonum şäherinde garyň galyňlygy dört metre golaýlady. Has-da Sukaýu-onsen dag-lyža şypahanasynda gar üýşmekleriniň boýy iki gatly jaýyň deňine ýetýär. Bu soňky on ýylda rekord derejedir. Jemgyýetçilik ulagynyň işinde bökdençlikler bar. Gar eýýäm kän gün bäri yzyny üzmän ýagýar.