Braziliýanyň Buritikupu şäheri süýşgünler zerarly ýeriň astyna gidip biler diýip, «Reuters» agentligine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Neşiriň habaryna görä, soňky hepdede emele gelen köp metrlik ägirt uly toprak jaýryklary ýerli häkimiýetleri şäherde adatdan daşary ýagdaýy yglan etmäge mejbur etdi. Habaryň ýanynda ýerleşdirilen fotosuratlarda käbir öýleriň hut äpet çukurlaryň gyrasynda durandygy görünýär. Käbir binalar eýýäm ýumrulypdyr. Şäheriň 55 müňlük ilatynyň 1200-e golaýynyň öz ýaşaýan öýlerini ýitirmegi mümkin.
«Reutersiň» ýazmagyna görä, topragyň gorp atmagy güýçli ýagyşlar, şeýle-de ýaramaz meýilnamalaşdyrylan gurluşyk işleri we tokaýlaryň çapylmagy bilen baglydyr.
Ýerli geograf Marselino Fariasyň sözlerine görä, toprak astynda boşluklar ýaşaýyş öýleriniň hut aşagynda-da emele gelip biler. Inžener Lukas Konseýsau bolsa, şäheriň häkimliginiň bu meselede çözgüt tapyp bilmejekdigini aýdýar.