Belarus uniwersitetleriniň Türkmenistandaky resmi wekili «Abraýly Watan» hususy kärhanasy Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy on ýokary okuw mekdebinde 2025-2026-njy okuw ýyly üçin kabul edişligiň başlanandygyny yglan edýär.
«Abraýly Watan» Belarusyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Belarus döwlet uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Şeýle hem kompaniýanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda dört sany lukmançylyk uniwersiteti bar. Olar: Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Witebsk lukmançylyk uniwersiteti, şeýle hem Grodno we Gomel döwlet lukmançylyk uniwersitetleri.
Tehniki bilim almak isleýänler üçin Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersitetiniň hem-de Belarus milli tehniki uniwersitetiniň maksatnamalary elýeterlidir.
Şeýle-de dalaşgärlere Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti, Fransisk Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersiteti hem-de Ýewfrosinýa Poloskaýa adyndaky Polosk milli uniwersiteti ýaly nusgawy uniwersitetlerde hünärleriň giň toplumy hödürlenýär.
«Abraýly Watan» HK-nyň wekilleri Belarusyň ýokary biliminiň hiliň we bahanyň iň amatly gatnaşygy bilen tapawutlanýandygyny hem-de halkara standartlaryna laýyk gelýändigini nygtaýarlar. Bilimler rus, iňlis we belarus dillerinde okatmagyň innowasion usullary arkaly öwredilýär.
«Abraýly Watan» kompaniýasy girişiň ähli basgançaklarynda dalaşgärlere doly derejeli goldawy üpjün edýär. Bu hyzmat hünäri saýlamak boýunça ýokary hilli maslahatlary, zerur resminamalary taýýarlamaga we tabşyrmaga kömegi, şeýle hem Belarusyň durmuşyna uýgunlaşmakda goldawy öz içine alýar.
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler şu telefonlar arkaly has anyk maglumatlary alyp bilerler: (+993 65) 05 72 75, (+993 64) 05 72 75, (+993 63) 27 72 75, (+993 62) 94 48 22.
Elektron poçta salgysy: abraylywatan2024@gmail.com. Sosial ulgamdaky sahypasy.