«Torpedo-BelAZ» dostlukly duşuşykda Dzeržinskiýniň «Arsenal» komandasyny ýeňdi. Minskde geçirilen duşuşyk 3:1 hasaby bilen tamamlandy.
Ýeňijileriň düzüminde Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýarym goragçysy Teýmur Çaryýew, Kaýo Dantas (penaltiden) we Aleksandr Orehow tapawutlandylar. Dzeržinskiýniň «Arsenal» komandasyndan diňe Roman Wegerýa bir jogap goluny geçirmegi başardy.
Çaryýew şu gyşda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» klubyndan geçeninden soň «Torpedo-BelAZ» komandasy üçin ilkinji golyny geçirdi. Ýarym goragçy komandanyň başlangyç düzümine girdi we 91-nji minutda başga oýunça çalşyldy.