Filmlere we seriallara tomaşa etmäge niýetlenen meşhur «Belet Film» platformasy hyzmatlarynyň täzelenýändigini habar berýär. Indi ulanyjylar diňe bir kino we beýleki wideo eserleriniň giň görnüşleri bilen çäklenmän, ulanyjylar üçin amatly bolan interfeýsden, şeýle hem sanawa goşdurmak üçin öz halaýan filmlerini we seriallaryny gönüden-göni teklip etmek mümkinçiliginden peýdalanyp bilerler.
Filmleri ýeňil usulda teklip ediň
«Belet Film-iň» işläp düzüjileri film goşmak işini örän ýokary derejede ýeňilleşdirdiler. Ulanyjylar gaýry habarnama hyzmatlaryny we messenjerleri ulanmagyň ýerine indi öz tekliplerini göni programma arkaly iberip bilerler. «Goldaw» bölüminde ýerleşýän täze «Kontent teklip etmek» sahypasy muny birnäçe sekundyň içinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Sazlamalarda minimalizm we amatlylyk
Täzelenmede sazlamalar sahypasyna hem üýtgeşmeler girizildi. «Belet Filmiň» işläp düzüjileri artykmaç elementleri aýyrdylar, nawigasiýany gowulaşdyrdylar hem-de interfeýsi has-da minimalistik stile getirdiler. Indi ähli sazlamalar logiki taýdan kadaly ýerleşýär we elýeterlidir. Bu bolsa platformany ulanmagy has-da oňaýly edýär.
«Belet Film» — bu filmlere we seriallara tomaşa etmek üçin niýetlenen meşhur onlaýn-kinoteatr bolup, her bir adamyň göwnünden turjak dürli görnüşleri filmleri hödürleýär.
«Belet Film» — siziň üçin özgerýän platforma!
«Belet Film» mobil goşundysyny Play Market we App Store internet dükanlaryndan ýükläp alyň.