Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar

10:2324.02.2025
0
6432

Şu hepde Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -5 gradus sowukdan 0... +2 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... -2 gradus sowukdan +5... +7 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +10 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +1... +6 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3... +2 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1... +4 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2... +3 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -6... -11 gradus sowukdan -4... +1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... -5 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň