Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ankarada soňky bäş günde iki gezek ýer goduklady

08:2322.02.2025
0
14999

Türkiýäniň paýtagtynda soňky bäş günde iki gezek ýer yranmasy boldy. Tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmak boýunça edaranyň (AFAD) maglumatlaryna laýyklykda, güýji 3 bala deň bolan ýer yranmalary Mamak etrabynda hasaba alyndy.

Güýçli bolmadyk ýerasty sarsgynlar wagtal-wagtal paýtagtda hasaba alynýar diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Anna güni Mamak etrabynda hasaba alnan sarsgynlar 7 kilometrlik çuňlukda boldy, bu soňky bäş günde ikinji ýagdaýdyr. Hepdäniň duşenbe güni-de Ankarada güýji 3,5 bal bolan ýertitreme boldy.
«Ankarada uly bolmadyk ýer sarsgynlary bolup biler, emma şäher ýertitremeler nukdaýnazaryndan howpsuzdyr» diýip, öň professor, geofizika doktory Owgan Ahmet Erjan aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň