Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Prezident sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

22:2521.02.2025
0
21464
Prezident sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurduň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek, kabul edilýän maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak, halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etmegiň, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini döwrebap alyp barmagyň wajypdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda käbir resminamalara gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň