Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýly syýahatçylar mugtuna gar aýyrmak üçin Ýaponiýa barýarlar

16:1520.02.2025
0
21773
Hytaýly syýahatçylar mugtuna gar aýyrmak üçin Ýaponiýa barýarlar
Surat: gazeta.ru

Hytaýly jahankeşdeler Ýaponiýa mugtuna gar aýyrmak üçin barýarlar diýip, «South China Morning Post» gazeti ýazýar.

Munuň sebäbi ýapon jahankeşdelik wekilhanalary we otelleri daşary ýurtly syýahatçylara adaty bolmadyk işi teklip edýärler, gar aýyrmagy meşhur syýahatçylyk işine öwürýärler. Bu hyzmat aýratyn-da baýramçylyklar döwründe Ýaponiýa köp barýan hytaýly syýahatçylary gyzyklandyrdy.

Gary syýahatçylara arassalatmak esasan hem, gyşyna gar köp ýagýan Hokkaýdoda meşhur. Mysal üçin, ilaty iki million adam bolan Sapporo şäherinde gyş has garly bolýar. Ol ýerde gar uzak wagtlap saklanýar, gyşyna onuň galyňlygy bäş metre ýetýär.

Bu syýahatçylyk gezelenjiniň bahasy alty adamlyk topar üçin 1600 dollara deň. Hyzmat ýanwardan martyň başyna çenli hereket edýär.

Emma bu pikiri hemmeler oňlap barmaýar. Käbir ýaponlar sosial ulgamda muny geň galmak bilen kabul edýärler, gar aýyrmagyň girdejili işewürlik bolmagyny halamaýarlar. Beýlekiler bolsa, gar aýyrmagyň ýörite hünär başarnygyny talap edýändigini, onuň güýmenje däldigini ýazyp, nägilelik bildirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň