Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Tährana sapar bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowy kabul etdi. Duşuşykda Eýranyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp geçdi. Bu barada «ISNA» habarlar agentligi habar berdi.
«Eger bu gatnaşyklary işjeňleşdirsek, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberini birnäçe esse artdyrmak bolar» diýip, Prezident M.Pezeşkian belledi.
Öz gezeginde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Tähranda geçirilen üçünji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejede guralandygyny belledi. Ol bu forumyň netijeleriniň Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly ädim boljakdygyny, şeýle-de sebit derejesinde özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde täsirli itergi berjekdigine ynanýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary iki ýurduň arasyndaky energetika we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga we bilelikdäki taslamalara hem ünsi çekdi. Ol Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklara diňe bir hoşniýetli goňşuçylyk taýdan däl, eýsem, strategik hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan hem garaýandygyny mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň bu gatnaşyklaryň ösüşi üçin bar bolan uly mümkinçilikleri doly peýdalanmaga taýýardygy nygtaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklary doly durmuşa geçirmek boýunça ygrarlydygy tassyklanyldy.