«Elin Eller» – bu bütin Türkmenistandan hojalykçy aşpezleri, konditerleri we tagamly naharlaryň muşdaklaryny bir ýere jemleýän özboluşly platforma. Bu zehinli aşpezleriň naharlaryny gönüden-göni müşderilere hödürlemekleri üçin mümkinçilik döredýän mugt programma.
«Elin Elleriň» aýratynlygy nämede?
Öýde bişirilen naharlaryň satuwy. «Elin Eller» tagamly nahar bişirmegi başarýanlaryň ählisine aşpezlik ukyplaryny girdeji çeşmesine öwürmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, müşderileri aňsatlyk bilen tapyp, öýüňizden çykmazdan aşpezlik eserleriňizi satyp bilersiňiz.
Göni sargytlar. «Elin Eller» ykjam programmasy satyn almak-satmak işine goşulmaýar. Ähli sargytlar gönüden-göni alyjy bilen satyjynyň arasynda amala aşyrylýar, bu bolsa iki tarap üçin hem aç-açanlygy we amatlylygy üpjün edýär. Sargydyňyzyň jikme-jikliklerini ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz, sorag berip we aýratyn çemeleşmeden peýdalanyp bilersiňiz.
Mugt ulanyş. «Elin Eller» aşpezler üçin hem, müşderiler üçin hem öz hyzmatlaryny düýbünden mugt üpjün edýär. Platformada hasaba alynmak we ulanmak üçin gizlin tölegler ýa-da pul tutumlary ýok.
Reseptleriň katalogy. «Elin Eller» ykjam programmasynda diňe bir öýde bişirilen tagamlaryň giň görnüşini däl, eýsem, ýönekeý we meşhur reseptleriň katalogyny ädim-ädim yzygiderlilikde tapyp bilersiňiz. Täze usllardan ylham alyp, özbaşdak tagamly bir zat bişirmäge synanyşyp bilersiňiz.
Türkmenistanyň ähli künjeklerinde işleýär. «Elin Eller» Türkmenistanyň islendik sebitinde elýeterlidir. Nirede ýerleşýändigiňize garamazdan, öýde taýýarlanan tagamlary tapyp ýa-da hödürläp bilersiňiz.
«Elin Eller» diňe bir iýmit sargyt etmek üçin programma bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hünär ussatlygyny durnukly girdeji gazanmagyň çemesine öwürýän pikirdeşleriň hakyky jemgyýetine, öýde bişirilen ýokary hilli tagamlara bolan söýginiň sarp edijini tapýan ýerine öwrülýär» diýip, ňlatformanyň döredijileri belleýärler.
Ykjam programmany «App store» ýa-da «Google Play» arkaly ýükläp alyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- elektron poçta: elineller.info@gmail.com;
- sosial ulgamdaky sahypasy.