Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

1 million manatlykdan gowrak keramzit öndürildi

10:0220.02.2025
0
13628
1 million manatlykdan gowrak keramzit öndürildi
Surat: ahal.info

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Ýaşlyk keramzit zawody ýurt üçin zerur bolan gurluşyk serişdelerini öndürmekde öwgä mynasyp işleri alyp barýan kärhanalaryň biridir. 2025-nji ýylyň ilkinji aýynda bu ýerde keramzidiň 5,52 müň kub metri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwründäki önümçilik görkezijileri saklanyp galdy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Degişli döwürde kärhanada öndürilen önüm 1 million 117 müň manada golaý boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar çig maly halkara ölçeglere laýyklykda gaýtadan işlemäge we gurluşyk senagaty üçin ýokary hilli, islegli önümleri öndürmäge şert döredýär. Kärhananyň önümleri ýurtda giň gerim alan gurluşyk işlerinde ulanylýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň