Russiýada diller dünýä boýunça ortaça alnandakydan has çalt ýok bolýarlar, XXI asyrda bu ýagdaý has-da çaltlandy diýip, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Dil öwreniş institutynyň uly ylmy işgäri Ýuriý Korýakow «RIA Nowosti» habarlar gullugyna gürrüň berdi.
«Russiýada dünýä dilleriniň takmynan 1,5 göterimi ýaýrandyr. Şunda XXI asyrda ýok bolan dilleriň tas 7 göterimi Russiýanyň paýyna degişlidir. XX asyrda bu görkeziji 3,5 göterime deňdi. Ýagny Russiýada diller dünýädäkiden has tiz ýok bolýar» diýip, alym aýtdy.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil öwreniş institutynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda 155 dil bolup, geçen XX asyryň başyndan bäri 15 dil ýok boldy.