Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Haýwanat bagynda eşekleri zebra meňzetmek üçin reňklediler

16:1917.02.2025
0
17694

Hytaýyň Şandun ülkesindäki Szybo şäheriniň göwün açyşlyk seýilgähi müşderileri köp çekmek üçin öz çäginde zebralaryň bardygy barada habar berdi. Bu barada «The New York Post» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär.

Internet ulanyjylar aldawy duýup, seýilgähiň edarasyny tankyt etmäge başladylar. Edara munuň özboluşly marketing göçümdigi barada jogap berdi.

Internet ulanyjylaryň bir bölegi seýilgähiň wekilleriniň eşekleri zebra meňzetmekde skotç kagyzyny peýdalanandygyny çakladylar. Beýleki bölegi bolsa, munuň üçin reňk ulanylandyr diýip hasaplady.

Seýilgähiň edarasynda haýwanlary boýamak üçin reňk ulalandyklaryny boýun aldylar. Olar şeýle hem reňkiň zyýanly däldigini, eşekleriň oňat şertlerde saklanýandygyny gürrüň berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň