Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň ilkinji 10 aýynda (2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli) Eýrandan türkmen bazaryna eksport edilen nebit däl harytlaryň umumy bahasy 25 göterim artdy. Bu barada «Tehran Times» habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, hasabat döwründe Eýran Türkmenistana umumy bahasy 460 million amerikan dollarlykdan gowrak nebit däl harytlary eksport edipdir. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 25 göterim ýokarydyr.
Umuman alnanda, eýran senenamasy boýunça şu ýylyň ilkinji 10 aýynda ýurduň goňşy döwletlere eksportynyň umumy bahasy 24 göterim ýokarlanyp, 29,78 milliard amerikan dollaryndan geçdi diýlip, habarda bellenilýär.