Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynda umumy sapak bilen çykyş etdi. Umumy sapagyň çäklerinde Türkmenistanyň möhüm seneleri we başlangyçlary, hususan-da, ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyş ýyly» diýlip yglan edilmegi barada giňişleýin maglumat berildi. Bu barada Türkmenistanyň Astanadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Ilçi B.Rejepow Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtady. Onuň aýtmagyna görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmegi dowam etdirýär.
Diplomatyň belleýşi ýaly, geçen ýyllarda Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň ösüşi onuň BMG-niň esasy ýörelgelerine we maksatlaryna laýyk gelýändigini görkezdi hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň umumy gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.
Umumy sapagyň ahyrynda Astanadaky türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky özara dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk barada giňişleýin durup geçdi.
Umumy sapaga gatnaşyjylar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada berlen maglumaty uly gyzyklanma bilen diňlediler hem-de sapakdan soň geçirilen sowal-jogaba işjeň gatnaşdylar.