Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

22:4313.02.2025
0
15968
 «Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Surat: education.gov.tm

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda makala ýazmak boýunça «Döwrüň özgertmeleri — ýaş žurnalistleriň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen dabara ýazyjy-şahyrlar, döredijilik işgärleri, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Bäsleşik iki derejede geçirilip, birinji dereje boýunça žurnalistika hünärinde okaýan talyplar, ikinji derejede bolsa beýleki hünärlerde okap, bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Netijede birinji dereje boýunça talyplaryň 6-syna, ikinji dereje boýunça 11-sine Diplomlar, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan taýýarlanan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem tapawutlanan talyplaryň birnäçesi Minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy.
Dabara bilen ugurdaş mejlisler jaýynyň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, professor-mugallymlar tarapyndan taýýarlanylan okuw kitaplarynyň, monografiýalaryň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan ylmy işleriň sergisi guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň