Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly Batyr Ýolow BMG-niň Ilat gaznasynyň Hyrat şäherindäki sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Baýramgül Garabaýewa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsullygynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda taraplar Owganystan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de söhbetdeşler türkmen tarapy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň sebit edarasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar bilelikdäki tagallalaryň oňyn netijeleri we Owganystanda howpsuzlygy, durnuklylygy we durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy barada hem durup geçdiler. Bu ugurda Türkmenistanyň Owganystandaky durnuklylygy dikeltmek we berkitmek ugrundaky tagallalary barada aýratyn bellenildi.
Çeşme: Orient.tm