Tailandda 85 ýaşly zenan «öldi» hasap edilenden 40 minut soňra gözüni açdy. Bu barada «The Thaiger» neşirine salgylanýan «rg.ru» gürrüň berýär.
Waka ýurduň Buriram ülkesiniň Nanrong etrabynda boldy. Fuu Şriphadung diýen zenanyň dogan-garyndaşlary ony öýünde demsiz-düýtsüz ýagdaýda tapdylar. Olar zenan aradan çykandyr öýtdüler hem-de degişli gulluklaryň işgärlerini onuň ölümini hasaba almak üçin çagyrdylar, jesedi ybadathana äkitmäge taýýarlyk gördüler. Emma 40 minutdan soň garry aýal gözlerini açdy we düşeginiň başynda oturan dogan-garyndaşlaryny hem-de goňşularyny gördi.
Ol özüni duýman ýatyrka, bir monahyň yzyna düşüp, nämälim bir ýerä gidendigini gürrüň berdi.