Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň deputatlary çagalara at dakmagy kadalaşdyrmak isleýärler

13:5511.02.2025
0
20197
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň deputatlary çagalara at dakmagy kadalaşdyrmak isleýärler
Surat: regnum.ru

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň deputatlary çagalar üçin adaty bolmadyk atlary çäklendirmek barada kanun taslamasyny işläp düzdüler. Olar rugsat beren atlaryň sanawyny tassyklamak isleýärler. Bu barada Maşgalany goramak, kakalyk, enelik we çagalyk meseleleri boýunça komitetiň başlygynyň orunbasary Tatýana Buskaýa salgylanýan «Regnum.ru» ýazýar.

Deputatyň düşündirmegine görä, kanun taslamanyň düýp manysy gyzjagazlara oglan adyny, oglanjyklara gyz adyny dakmagy gadagan etmekden ybaratdyr.

2024-nji ýylda Moskwada 900 oglanjyk we 400 gyzjagaz doglanda, goşa, üçem we dördem at dakylypdyr. Dört sany tirkeş at täze doglan bäbekleriň bäşisine dakylypdyr. Olaryň arasynda Awrora Mari Wiktoriýa diýlip dakylan atlar hem bar. Şeýle-de Ýan-Roman diýen at hem duşýar. Oglanjyklara däp bolan Alekseý-Nikolaý, Grigoriý-Maksim, Lew-Aleksandr, Ýewgeniý-Ýan, Mark-Iosif, Ýegor-Luka ýaly goşa atlary kän dakýarlar.

Geçen ýyl Russiýada 19 sany gyzjagaza Anna diýlip başlanýan goşa at dakylypdyr: Anna-Mariýa, Anna-Ýelizaweta, Anna-Aleksandra, Anna-Agata, Anna-Amaliýa, Anna-Sofiýa diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň