Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýaşlar «Men – geljekki hünärmen» atly integrirlenen olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar

10:5810.02.2025
0
23825

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary hem-de uçurymlary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan geçiriljek «Men – geljekki hünärmen» atly integrirlenen olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar.

Olimpiada 15-nji martdan 15-nji maýa çenli döwürde bäş ugur: matematika, informatika, iňlis dili, jemgyýeti öwreniş hem-de Türkmenistanyň taryhy boýunça geçiriler. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde geçirilip, üç tapgyry özünde jemleýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Bäsleşige Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylary we orta mekdebi tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt bolmadyk ýaş raýatlar gatnaşyp bilýärler.

Gatnaşjaklary bellige almak 10-njy marta çenli dowam eder.

Giňişleýin maglumatlary uniwersitetiň saýtyndan, şeýle hem +99312 398513; +99312398550 telefon belgileri we iuhdolympiads@gmail.com elektron poçtasy arkaly alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň