Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025-nji ýylda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyny belledi. Maksatnama laýyklykda, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny, ýurduň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňden gowrak täze iş ornuny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard amerikan dollaryna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meýilleşdirilýär.
2025-nji ýylda ýurduň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer H.Geldimyradowa ýüzlenip, 2022 — 2028-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2025-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtady. Milli ykdysadyýetiň binýadyny berkitmek, ykdysadyýete innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak babatda netijeli işleri dowam etdirmek möhümdir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmagyň, onuň çykdajylaryny maksatlaýyn peýdalanmak boýunça degişli işleri yzygiderli alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bank edaralary tarapyndan döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutany hususy kärhanalaryň we telekeçileriň önümçiligini ösdürmek bilen bagly taslamalar üçin karz serişdelerini bermegi, ilatyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak üçin ýeňillikli şertlerde karzlaryň berilmegini dowam etdirmegi, bank ulgamynda hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşlerini, elektron tölegleriň gerimlerini yzygiderli artdyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem ykdysadyýeti ösdürmäge maliýe goldawyny bermek, milli puluň hümmetini durnukly saklamak boýunça netijeli çäreleri görmek tabşyryldy.