Türkmenistanda şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalar, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçe, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy ulanmaga tabşyrylar. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler. TDH-niň habar berşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu barada 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde aýtdy.
Döwlet Baştutany ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiljekdigini belledi.
Ýurtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreler geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli diňe bir ýurduň raýatlaryny däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlary hem sylaglamak bilen bagly degişli teklipleri taýýarlamagyň, ýylyň aýratyn möhüm wakalaryna öwrüljek bu şanly seneleri geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany şu ýyl üçin kabul edilen maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny, ýurdy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň baş maksat bolup durýandygyny aýdyp, halk bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.