Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş maslahatynda ilki bilen welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerlerde tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam etdirilýär. Welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny hem-de oba hojalyk işlerinde ulanyljak gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini we tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça hem zerur işler alnyp barylýar.
Häkimler ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriň, hususan-da, bugdaýa ideg etmek we ýerleri ekişe taýýarlamak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine aýratyn üns bermegiň, bu işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, daýhan birleşikleri we hojalyklary bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň hem-de daýhan birleşikleri bilen kärendeçileriň arasynda gowaça ösdürip ýetişdirmek boýunça şertnamalaryň wagtynda baglaşylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow gowaça ekişine çenli pagta öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin degişli işleri geçirmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine tohumlary we ýerleri talabalaýyk taýýarlamagy, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany şeýle hem ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.