Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwda dolanyşygy 1,7 milliard amerikan dollaryna golaýlady

16:5603.02.2025
0
14262
Owganystanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwda dolanyşygy 1,7 milliard amerikan dollaryna golaýlady
Surat: newscentralasia.net

Şu maliýe ýylynda (2024-nji ýylyň martyndan 2025-nji ýylyň martyna çenli) Owganystanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen söwda dolanyşygy 1,696 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Owganystanyň Senagat we söwda ministrligine salgylanyp, «TOLO News» agentligi habar berdi.

Ministrligiň metbugat sekretary Ahundzada Abdul Salam Jawadyň aýtmagyna görä, bu mukdaryň 112 million amerikan dollary eksportyň, 1,584 milliard amerikan dollary bolsa importyň paýyna düşýär.

Habarda bellenilişine görä, Owganystan Merkezi Aziýa ýurtlaryna, esasan, ter we guradylan miweleri, dürli miwe şerbetlerini, oba hojalyk önümlerini eksport edipdir. Importda bolsa elektrik togy, ýangyç, bugdaý uny, ösümlik ýagy, zawodlar üçin çig mal, himiki dökünler we sement esasy orny eýeleýär.

Ýeri gelende bellesek, Owganystanyň 2024-nji ýyldaky daşary söwda dolanyşygynyň mukdary 12,422 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Hasabat döwründe ýurduň eksporty 1,803 milliard amerikan dollaryna, importy bolsa 10,619 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň