Eýranly işläp düzüjiler mallar üçin «akylly» boýun ýüp döretdiler, ol hojalykdaky mallaryň süýtlüligini artdyrmaga kömek edýär, dogumy gowulandyrýar we mallaryň arasynda ýitginiň azalmagyna ýardam edýär. Bu barada Eýranyň habarlar agentligine salgylanýan «TV BRICS» habar berdi diýip, «Belta.by» portaly ýazýar.
Tehnologik enjamy döreden kompaniýanyň baş direktory Hamid Behnegaryň sözlerine görä, täze öňdebaryjy önüm emeli aň we internet tehnologiýasynyň kömegi bilen işleýär.
«Akylly» boýun ýüp malyň boýnuna dakylýar. Onuň özüni alyp barşyny yzarlaýan enjamdan alnan maglumatlar emeli aň tarapyndan gaýtadan işlenilýär.
Bu tehnologiýanyň peýdalanylmagy önümberijiligi 10 göterim ýokarlandyrmaga, süýt berijiligiň gowulanmagyna ýardam edýär, galyberse-de, ol mallara kesellerden we stresden tiz gutulmaga kömek berýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy mallar üçin boýunbagyň birnäçe aýda sanalyp geçilen bähbitli taraplaryň hasabyna özüni ödejekdigine ynanýar.