Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýüňi gaýtadan işleýän toplumy gurmak boýunça halkara bäsleşigi yglan edildi

15:0931.01.2025
0
21743

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi Aşgabatda ýüňi gaýtadan işleýän täze toplumy gurmak we tehniki enjamlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigine gatnaşmaga ýerli we daşary ýurt kompaniýalaryny çagyrýar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşige bu ugurda degişli ygtyýarlygy bolan kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşmak üçin doly maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça arza bermeli we bäsleşigiň geçirilişiniň düzgünleri bilen tanyşmalydyr.

Tekliplere garamak gatnaşyjylardan zerur resminamalaryň bukjasy alnandan we bellenilen töleg geçirilenden soň başlanýar. Tölegiň takyk möçberi ýazmaça arza berlende habar ediler.

Bäsleşik teklipleri 2025-nji ýylyň 10-njy martyna çenli «Türkmenhaly» birleşiginiň baş edarasynda kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly, 94.

Goşmaça maglumatlary şu telefon belgilerine jaň edip, alyp bolar: 44-69-07, 44-69-05, 44-69-60, 44-69-00 we elektron poçta arkaly: mailto:tkm@turkmenhali.gov.tm; mailto:tmcarpet@mail.ru.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň