Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

11 ýaşly türkmen tennisçisi Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda ýeňiş gazandy

15:2829.01.2025
0
18396

Ýaş türkmenistanly türgen Sülgün Işangulyýewa Dubaýda geçirilen TEN-PRO Global Junior Tour halkara ýaryşynda U11 ýaş derejesinde garşydaşlaryna hiç hili mümkinçilik goýman ýeňiş gazanmagy başardy. Final duşuşygynda ol 6:2, 6:1 hasaby bilen Gruziýanyň tennisçisi A.Beradzeden üstün çykdy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Ýeňiş ýolunda Işangulyýewa Alžiŕiň, BAE-niň, Russiýa-nyň we Gazagystanyň türgenlerini yzygiderli ýeňdi.

Bu üstünlik dört ýaşyndan başlap tennis bilen meşgullanyp başlan ýaş türkmen türgeni üçin tötänlik däldi. Sülgün Işangulyýewa ozal Stambulda «Güýz kubogy» ýaryşynda ýeňiş gazanypdy we TEN-PRO Global Junior Tour ýaryşynyň U10 ýaş derejesindäki öňki gezekki bäsleşiginde kümüş medalyna mynasyp bolupdy.

Sülgüniň zehininiň Fransiýadaky tennis boýunça Patrik Myratoglu akademiýasynyň bilermenleri tarapyndan kesgitlenmegi aýratyn üns bermäge mynasypdyr, bu ýerde Serena Williams, Naomi Osaka ýaly dünýä tennis ýyldyzlary türgenleşipdiler. Bu akademiýada geçirilen bir aýlyk türgenleşik tennisçiniň oýun derejesini ep-esli ýokarlandyrypdy, bu bolsa onuň halkara ýaryşlarda gazanan soňky üstünlikleri bilen tassyklanýar.

Häzirki wagtda Sülgün Işangulyýewa Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň (U14) agzasy bolup, «Aşgabat» akademiýasynda türgenleşýär.

TEN-PRO Global Junior Tour 10 ýaşdan 16 ýaşa çenli türgenler üçin dünýäniň öňdebaryjy tennis akademiýalarynda geçirilýän 14 halkara ýaryşlaryndan ybarat bolan tapgyry öz içine alýar. Dubaýda geçirilen ýaryş Rackets Academy kortlarynda geçirilip, 2009-2017-nji ýyllarda doglan dünýäniň ähli ýerlerinden zehinli tennisçileri ýygnady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň