Täjigistan geçen ýylyň dekabrynda bahasy 6,4 million dollardan gowrak bolan elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etdi we bu noýabrdakydan 53 göterim artykdyr. Bu barada Respublikanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika barada agentlige salgylanýan «Avesta.tj» habar berdi.
Habara görä, 2024-nji ýylda elektrik energiýasynyň eksporta ugradylan umumy möçberi 113 million dollara deň boldy, bu 2023-nji ýyldakydan 2,4 göterim köpdür. Ýurduň umumy eksportynda elektrik energetikasynyň paýy 5,8 göterimi düzdi.
Güýz-gyşky möwsümde Täjigistan energiýa üpjünçiligi babatda içki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar, netijede, bu döwürde onuň eksporty görnetin kemelýär. Bu döwürde elektrik energiýasy uly bolmadyk möçberde Owganystana infrastrukturanyň işini goldamak üçin iberilýär. Özbegistana tomusdaky elektrik energiýasynyň iberilişi aýratyn ylalaşyklar boýunça sazlaşdyrylýar.
2024-nji ýylda Täjigistan elektrik energiýasynyň 22,4 mlrd kilowat-sagadyny öndürdi we bu 2023-nji ýyldakydan 2,6 göterim köpdür. Onuň esasy bölegi suw elektrik beketleri tarapyndan öndürildi, bu bolsa öz nobatynda ýurduň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda kuwwatyny subut edýär diýip, «Daryo.uz» ýazýar.