Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýaponiýanyň daşary işler boýunça döwlet ministri Hisaýuki Fudziiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyldy. Taraplar dürli meseleler boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde ýokary we iň ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.