Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bolliwudyň aktýory Saif Ali Khan ogluny talaňçydan halas edýärkä ýaralandy

14:4127.01.2025
0
15570
Bolliwudyň aktýory Saif Ali Khan ogluny talaňçydan halas edýärkä ýaralandy
Surat: maritera.ru

Hindistanyň Mumbai şäherinde Bolliwudyň ýyldyzy Saif Ali Khan 16-njy ýanwarda gije sowuk ýaragdan şikes alyp, hassahana eltilipdi. «ETV Bharat» teleýaýlymynyň habaryna görä, düýn – 26-njy ýanwarda 54 ýaşly kinoaktýor hassahanadan öýüne dolandy.

Waka Khanyň öýünde boldy. Ol öz otagyndaka, kiçi ogly bilen onuň enekesiniň gygyrýan seslerini eşitdi. Oglunyň otagyna ylgap baranda, eli pyçakly hüjüm etmäge taýýarlanýan talaňçyny gördi. Aktýor onuň bilen tutluşdy we eline, arkasyna, boýnuna şikes aldy.

Goh-galmaga maşgaladaky beýleki hyzmatkärler ylgaşyp gelensoňlar, Khan bilen ogluna halas bolmak başartdy, talaňçy bolsa gaçdy. Tiz wagtdan ol tussag edildi. Ogry aktýoryň öýüni talamakçy bolandygyny boýun aldy.

Saif Ali Khan hindi kinosynyň tanymal aktýory, ol köpsanly filmlerde baş keşplerde çykyş etdi.

Bu barada «rg.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň