Russiýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň işgärleri Beýik Watançylyk urşunyň weterany Antonina Pawlowna Prýaniçnikowanyň 97 ýaşyny gutlamak üçin onuň ýanyna bardylar. Uruş ýyllarynda ol Stalingrad şäheriniň golaýyndaky bombalamalardan weýran bolan demir ýollary dikeltmäge gatnaşypdyr.
Prýaniçnikowa uruş döwründe Stalingrad şäheriniň golaýyndaky Ahtubinskde ýaşap, beýleki ýaşlar bilen bilelikde duşmanyň bombalamalaryna yzygiderli sezewar bolan demir ýolda abatlaýyş-dikeldiş işleriniň geçirilişine işjeň gatnaşypdyr. Mundan başga-da, ol dürli ýangynlary söndürmäge we ýaralananlara kömek bermäge hem gatnaşypdyr.
Diplomatik wekilhananyň maglumatlaryna görä, Antonina Pawlowna her ýyl RF-nyň ilçihanasy tarapyndan Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän dabaraly kabul edişliklere gatnaşyp, myhmanlara we russiýaly diplomatlara uruş döwri baradaky ýatlamalary bilen paýlaşýar.