Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Çaýhana» restorany – islendik dabara üçin ajaýyp ýer

11:3925.01.2025
0
29845

«Altyn Çaýhana» restorany – bu gündogar myhmansöýerliginiň häzirki zaman rahatlygy, milli tagamlaryň bolsa dünýä aşhanasynyň ajaýyp önümleri bilen utgaşýan ýeridir.

Restoranyň menýusynda türkmen, türk, Ýewropa we Aziýa aşhanalarynyň tagamlary hödürlenýär. Her bir myhman bu ýerde milli tagamlardan başlap, özboluşly naharlara çenli öz islegine laýyk bir zat tapyp biler. Tejribeli aşpezler her tagamy diňe ter we ýokary hilli önümleri ulanyp, söýgi we alada bilen taýýarlaýarlar.

«Altyn Çaýhana» myhmanlaryna iki sany giň zaly hödürleýär:

200 adamlyk banket zaly – durmuş toýlaryny, işewürlik çärelerini, maslahatlary we beýleki dabaralar üçin amatly ýerdir.

40 adamlyk VIP-zal – işewürlik duşuşyklary, romantik agşamlyk nahary we kiçi toparlaryň arasynda oturlyşyklar üçin rahat we ajaýyp ýerdir.

Iki zal hem döwrebap enjamlar: ses we yşyklandyryş enjamlary, proýektor bilen enjamlaşdyrylandyr. Myhmanlaryň islegi boýunça yşyklandyryş çäräniň mowzugyna laýyklykda üýtgedilip bilner.

Näme üçin «Altyn Çaýhana» baryp görmeli?

- tagamlaryň giň görnüşleri: milli türkmen aşhanasyndan, ajaýyp Ýewropa aşhanasyna çenli.

- giň zallar: islendik görnüşli dabaralar üçin.

- özboluşly interýer: rahat we amatly gurşaw döredýär.

- hyzmatyň ýokary derejesi: restoranyň işgärleri bu ýerde geçirýän wagtyňyzy ýatda galyjy etmek üçin ähli tagallalary ederler.

«Altyn Çaýhana» Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: Gurbansoltan ejen köç., 168 (demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasy).

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefonlar: (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47, (+993 65) 65 53 10;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

«Altyn Çaýhana» restoranyna gelip görüň we ýatdan çykmajak tagamlardan hem-de amatly gurşawdan lezzet alyň!

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň