Hindistanyň günbataryndaky Maharaştra ştatynda otluda ýangyn dörändigi barada habar ýolagçylaryň arasynda başagaýlyk döretdi, olaryň 12-si halas bolmak üçin wagonyň girelgesinden böküp, garşy ýoldan gelýän otlunyň aşagyna düşdi. Bu barada PTI habarlar agentligine salgylanýan «Report» habar berdi.
Waka Mumbaý şäherinden 400 kilometrlikde boldy.
«Deslapky maglumatlara görä, «Pushpak Express» otlusynyň wagonlarynyň birinde uçgun peýda bolup, ýolagçylaryň birnäçesi howsala düşüpdir. Olar heläkçilik togtadyjysynyň ýüpüni çekipdirler, käbiri bolsa, relslere böküpdir. Şol wagt goňşy ýoldan «Karnataka Express» otlusy geçip barýan ekeni» diýlip, ýerli häkimiýetler gürrüň berýärler.
Hadysanyň bolan ýerine halas ediş otlusy ýollandy. Polisiýanyň wekili Jalgaona Maheşwar Reddi habarçylara 12 adamyň otlunyň aşagyna düşüp heläk bolandygyny we ýene birnäçe adamyň ejir çekendigini gürrüň berdi.