Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ecodrink» kofehanasy: seniň kofeň, seniň ritmiň

10:3923.01.2025
0
18573

Bir bulgur kofe içip, dynjyňy alyp boljak göwnejaý ýere gitmek isleýärsiňizmi? «Ecodrink» kofehanasy — rahat gurşawda dynç almak üçin iň amatly ýerleriň biri. Bu ýeriň ýakymly atmosferasy, dostana işgärleri hem-de, elbetde, datly kofesi boş wagtyňyzy ýatdan çykmajak täsirler bilen doldurar.

Kofehananyň professional baristalar topary espresso, kapuçino we latte ýaly adaty kofe görnüşleri bilen birlikde, hakyky kofe söýüjiler üçin özboluşly awtorlyk kompozisiýalaryny hem döredýär.

Menýuda şeýle hem ter miwelerden we tebigy şirelerden taýýarlanylýan alkogolsyz içgiler bar. Myhmanlar şef-baristanyň ussatlyk bilen ýasaýan klassiki smuzilerini-de, original kokteýlleri hem saýlap alyp bilerler. Kofeniň ýa-da kokteýliňiziň üstüni datly tagam bilen ýetirmek üçin bolsa «Ecodrink» kofehanasynyň menýusy diňe ter we tebigy goşundylardan taýýar edilýän dürli tagamly süýjülikleri hödürleýär.

Öýden çykmazdan bu gurşawyň tagamlaryndan lezzet almak isleýänler üçin «Ecodrink» Aşgabadyň ähli ýerine eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Islän içgiňizden islän wagtyňyz we islendik ýerde lezzet alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 65) 62 67 67;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň