«Barselonanyň» futbolçylary Çempionlar ligasynyň esasy ýaryşyň ýedinji tapgyrynyň oýnunda Lissabonyň «Benfika» klubyny özleriniň ruhubelentligi bilen ýeňmegi başardy. Portugaliýanyň paýtagtynda geçirilen duşuşyk 5:4 hasaby bilen tamamlandy. Oýnuň dowamynda «Benfika» 3:1 hem 4:2 hasaplary bilen öňde barýardy.
Meýdança eýeleriniň düzüminde het-trigi Wangelis Pawlidis (2, 22, 30-njy minutlarda) amala aşyrdy, şeýle hem «Barselona» toparyndan goragçy Ronald Arauho (68) öz derwezesine gol geçirdi. Myhmanlaryň düzüminde iki 11 metrlik jerime urgusyndan toplary Robert Lewandowskiý (13, 78) geçirdi, şeýle hem Rafinýa (64, 90+6) we Erik Garsiýa (87) tapawutlandylar.
«Barselona» 18 utuk bilen Çempionlar ligasynyň ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär we möhletinden öň bäsleşigiň 1/8 finalyna çykdy. «Benfika» 10 utuk bilen 18-nji orunda barýar. Soňky tapgyrda «Barselona» 29-njy ýanwarda Bergamonyň «Atalanta» klubyny kabul eder, «Benfika» bolsa şol gün Turinde «Ýuwentus» bilen duşuşar.