21-nji ýanwarda Informatika boýunça Milli gözleg we ösüş institutynyň (ICI Buharest) binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Anaýew bilen bu institutyň baş müdiri Adrian-Wiktor Wiweranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «nCa» habar berdi.
Adrian-Wiktor Wewera häzirki gözleg taslamalary bilen tanyşdyryp, institutyň iki ýurda peýdaly boljak bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen hyzmatdaşlyga açykdygyny aýtdy.
Ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda iki ýurduň arasynda gözleg, tehnologiki ösüş we sanlaşdyrmak pudagyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, sanly ulgamdaky üýtgeşmeler, kiberhowpsuzlyk, kiber diplomatiýa, emeli intellekt ýaly umumy gyzyklanma döredýän meseleler, şeýle hem bu tehnologiýalaryň durnukly ykdysadyýeti goldamakdaky orny barada durlup geçildi.
Adrian-Wiktor Wewera 2025-nji ýylyň 8 — 11-nji aprelinde Buharestde geçiriljek Sanly innowasiýa sammiti barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, rumyn tarapy türkmen wekiliýetini bu sammite gatnaşmaga çagyrdy.