Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Kanadanyň täze ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

09:1922.01.2025
0
13414

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu gün Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Daggandan ynanç hatyny kabul etdi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Mejlisiň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işine hem uly üns berildi. Parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň aýratyn mazmunyny düzdi. Ilçiniň belleýşi ýaly, Kanada Merkezi Aziýa sebitiniň geljegi uly ýurtlary, şol sanda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Türkmenistan bilen köpugurly dialogy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny, munuň üçin Türkmenistanyň alyp barýan “Açyk gapylar” we ählumumy bähbitlere gönükdirilen syýasatynyň amatly şertleri döredýändigini nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň