Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk pudagyna gözegçiligi pugtalandyrmagy tabşyrdy, Gazagystanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmekdäki goşandyna ýokary baha berdi, Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gümrük edaralaryna sowgat berlen awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy. Döwlet Baştutany möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini aýtdy, şeýle hem oba hojalyk meýdanlarynda we ulgamlarynda arassalaýyş işleriniň yzygiderli geçirilmegini, ýyladyş ulgamlarynyň işledilişini we ilatyň serişdeler bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
2. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Onda gazak-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde we Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmekde Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşandyna ýokary baha berilýär. Tokaýew ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini we oňyn depginini belläp, Türkmenistanyň jogapkärli hyzmatdaşyň nusgasy bolup durýandygyny aýtdy. Ählumumy wehimleriň barha artýan şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi.
3. Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok türkmen talyplaryny «Türkiye Bursları» maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalaryny tabşyrmaga çagyrdy. Resminamalaryň kabul edilişligi 2025-nji ýylyň 20-nji fewralyna çenli açykdyr. 1992-nji ýyldan bäri Türkiýede 5000-den gowrak türkmen talyby bilim aldy, geçen ýyl 45 adam talyp hakyny almak esasynda okady.
4. Türkmenistanda Döwlet gümrük gullugynyň Gözegçilik-seljeriş merkezi açyldy. Bu merkez gümrük amallaryny sanlylaşdyrmagyň çäklerinde döredildi. Täze merkez gümrük amallaryna gözegçilik etmäge we derňemäge mümkinçilik berýär. Merkeziň açylyş dabarasynda gümrük gullugynyň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň täze gulluk awtoulaglarynyň açarlary gowşuryldy.
5. Bilelikdäki senagat kärhanalaryny açmagyň mümkinçilikleri Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň arasyndaky duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna göz aýladylar we ony ösdürmegiň ýollaryny kesgitlediler. Döwletleriň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
6. 24 – 26-njy ýanwar aralygynda «Aşgabat» kinoteatrynda meşhur hindi filmleri görkeziler. Maksatnama «Ykmanda» atly nusgawy filmi, «Ingliş-wingliş» atly döwrebap drama filmini, rowaýata öwrülen «Jenap 420» filmini, «83» atly sport dramasyny hem-de «Meniň adym Joker» atly meşhur filmi öz içine alýar. Filmleriň görkezilişi günde iki gezek geçiriler: gündiz sagat 11:00-da ýa-da 13:00-da, agşam bolsa 19:00-da. Görkezilişleri ählisine giriş mugt.
Dünýäde
7. Donald Trampyň taryhy kasam kabul ediş dabarasy Waşingtondaky Kapitoliý binasynda geçirildi. Dabaraly çäre dört onýyllykda ilkinji gezek däp bolan açyk meýdança-da däl-de, binanyň içinde geçirildi. Täze Prezidentiň bellemegine görä, bu çözgüt Arktikadan sowuk howa akymynyň ýakynlaşmagy sebäpli kabul edildi. Dabara 600-e golaý ýokary wezipeli myhman, şol sanda ozalky Prezident Jo Baýden we ozalky wise-prezident Kamala Harris gatnaşdy.
8. Hytaýyň «Tiangong» orbital stansiýasynyň ekipažy kosmos şertlerinde kislorody üstünlikli sintez etdi. Synag işleriniň dowamynda kosmonawtlar raketa ýangyjyny öndürmekde ulanylýan komponentleri hem almagy başardylar. Stansiýanyň topary ýarymgeçiriji katalizatorlary bolan innowasion tehnologiýany ulanyp, kömürturşy gazyny we suwy kisloroda öwürdi. Bu işde raketa ýangyjyny döretmek üçin esas bolup biljek organiki madda bolan etilen hem alyndy.
Sport täzelikleri
9. «Mançester Siti» Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi. 20 ýaşly futbolçy Fransiýanyň «Lans» klubyndan geçdi we Angliýanyň premýer-ligasynyň taryhynda ilkinji özbegistanly oýunçy boldy. Şertnama 2029-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir. «Transfermarkt-yň» maglumatlaryna görä, transferiň bahasy 40 million ýewro boldy.