Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gruziýa jahankeşdelikden 4,4 milliard dollar girdeji aldy

10:3221.01.2025
0
13214
 Gruziýa jahankeşdelikden 4,4 milliard dollar girdeji aldy
Surat: banksnews.am

Gruziýanyň halkara turizmden girdejileri geçen 2024-nji ýylda 4,4 milliard dollara deň boldy. Bu barada ýurduň Milli turizm edarasyna salgylanýan «rg.ru» habar berýär.

Şeýlelikde, geçen ýyl 2023-nji ýylda hasaba alnan rekord derejedäki girdejiden 7,3 göterim (300 mln dollar köp) ösüş gazanyldy. Aýratyn hem ysraýylly jahankeşdelerden gelen girdeji 436,5 mln dollara deň boldy (ösüş 41 göterim).

Saud Arabystanyndan, Azerbaýjandan we Eýrandan jahankeşdeleriň sany 2023-nji ýyldakydan görnetin ýokarlandy.

Gruziýa gelen jahankeşdeleriň sany boýunça ilkini üçlügi russiýalylar (daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sanynyň 19,2 göterimi), türkler (18,1 göterim) we ermeniler (12,8 göterim) eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň