Şu gün – sişenbede Donald Tramp ABŞ-nyň 47-nji Prezidenti hökmünde Ak tama geldi. Bu barada TASS habar berýär.
Trampyň bu gezekki Prezidentlik möhleti ikinji bolansoň, Waşingtonyň köçelerinde ýadygärlik sowgatlary satylýan dükanlarda onuň Ak tamyň öňündäki suraty şekillendirilen we «Daddy's Home» («Kaka öýde») diýen ýazgyly futbol köýneklerini görmek bolýar.
Saýlanan Prezidentiň awtoulag kerweni ýerli wagt bilen sagat 19:10-da (sişenbe güni sagat 05:10) Ak tama geldi. Ondan öň Tramp kasam kabul ediş dabarasyndan soňra baýramçylyk ýörişi geçen «Capital One sport» arenasynda çykyş etdi. Ol şeýle-de öz tarapdarlary bilen söhbetdeş boldy, müňlerçe adamlaryň öňünde sahnada söz sözläp, birgiden resminamalara gol çekdi.
ABŞ-nyň täze Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy sowuk howa sebäpli soňky 40 ýylda ilkinji gezek Kongresiň binasynyň öňünde däl-de, Kapitoliý köşgüniň merkezi zalynda geçdi.