Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda Russiýa Federasiýasyndan Özbegistana pul geçirimleri 29 göterim artdy

09:3321.01.2025
0
14483
 2024-nji ýylda Russiýa Federasiýasyndan Özbegistana pul geçirimleri 29 göterim artdy
Surat: anhor.uz

Geçen 2024-nji ýylda Özbegistana daşary ýurtlardan iberilen puluň möçberi 2023-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 30 göterim, ýagny 14,8 milliard dollara çenli artdy. Bu barada Respublikanyň Merkezi bankynyň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berýär.

Geçen ýyl Russiýadan 11,5 mlrd dollar (ösüş 29 göterim) ýa-da ýurda umumy pul geçirimleriniň 77 göterimi gelip gowuşdy.

Özbegistanyň MB-y pul geçirimleriniň möçberiniň artmagyny zähmet migrasiýasyndaky oňyn ýagdaýlar bilen düşündirdi. Şol sanda geçen ýylda zähmet migrantlaryny kabul edýän ýurtlarda ykdysady işjeňlik we işçi güýjüne isleg ýokarlandy, zähmet haklary, şeýle-de köp hak tölenýän işgärleriň paýy köpeldi.

Özbek tarapynyň resmi maglumatlaryna laýyklykda, ýurduň daşary ýurtlarda wagtlaýyn işleýän raýatlarynyň sany 2024-nji ýylda 1,14 mln adam azaldy. Häzir 1 million töweregi özbegistanly Russiýada işleýär diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň