Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýaly ýazyjynyň Türkmenistan baradaky goşgulary «Belaýa skala» žurnalynda çap edildi

16:2120.01.2025
0
24396

Russiýaly ýazyjy, žurnalist we publisist Andreý Wýaçeslawiç Nowikow Aşgabada amala aşyran saparyndan soň Türkmenistana bagyşlanan goşgular toplumyny döretdi. Goşgular toplumynyň ählisi «Belaýa skala» žurnalynyň 2024-nji ýylyň soňky neşirinde çap edildi.

Şygryýet toplumy A.Nowikowyň «Magtymguly Pyragy», «Zamça», «Telpek», «Garagum», «Ýandak», «Asman aty», «Bedene», «Keçe», «Aşgabat», «Aşgabadyň suw çüwdürimleri», «Küştdepdi» ýaly goşgularyny öz içine alýar.

Asmannews.ru saýtynyň habar berşi ýaly, rus şahyrynyň goşgularynda onuň türkmen taryhyna we edebiýatyna beletligi, türkmen halkynyň ruhy dünýäsine çuňňur aralaşandygy, özboluşly milli däp-dessurlara hormat goýýandygy duýulýar.

Andreý Wýaçeslawowiç Nowikow - Russiýanyň Ýazyjylar birleşiginiň sekretary, 9 kitabyň, 300 edebiýat we 1,5 müň žurnalistika boýunça neşiriň awtory. Onuň işjeň alyp barýan işleri edebi döredijiligiň giň ugurlary: edebiýat boýunça çäreleri guramakdan we ýaş awtorlara goldaw bermekden başlap, dürli ugurlary öz içine alýar.

Nowikowyň Türkmenistana bagyşlanan aýry-aýry goşgulary dürli wagtda ýurdumyzyň merkezi metbugatynda çap edilipdi.

A.W. Nowikow türkmen paýtagtyna 2019-njy ýylda XIII Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen «Kitap - hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly ylmy maslahatyna gatnaşyjy hökmünde gelipdi. 2024-nji ýylyň mart aýynda ol Russiýanyň Edebiýat gaznasynyň Lipesk bölüminiň başlygy hökmünde «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň rus edebiýatyna täsiri» atly Halkara ylmy-amaly maslahatyny guran adamlaryň biri boldy. Türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat garyşyk görnüşde geçirilip, ol Türkmenistanyň we Russiýanyň diplomatlarynyň, alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini bir ýere jemläpdi.

A.Nowikowyň Türkmenistan baradaky goşgular toplumy bilen «Belaya skala» elektron žurnalynda görkezilen salgy boýunça (200-nji sahypa) tanşyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň