Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:4820.01.2025
0
20196

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monakonyň Knýazlygyna sapary başlandy, BMG-niň ştab-kwarstirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy boldy, türkmen mekdep okuwçylary Astanada geçirilen olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapara ugrady. Türkmen halkynyň Milli Lideri ugramazdan ozal 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklara 10 ýyl bolýandygyny belläp, bu saparyň iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyny aýtdy.

2. BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda tagallalary birleşdirmek we ählumumy parahatçylyk medeniýetini berkitmek boýunça geljekki anyk ädimleri işläp düzmek üçin tutuş dünýäden wekilleriň gatnaşmagynda Parahatçylyk we ynanyşmak boýunça halkara forumynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

3. Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Astanada geçirilen matematika, fizika we informatika boýunça XXI Halkara Žautykow olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmenistanly mekdep okuwçylary 2 altyn, 4 kümüş we 6 bürünç medal gazandylar. Türkmen toparyna 5 mugallymyň ýolbaşçylygynda 21 sany mekdep okuwçysy girdi.

4. Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Ermenistanyň ilçisi Arsen Awagýan iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Resmi duşuşygyň dowamynda taraplar özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda hökümetara dialogy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmek ugrunda tejribe alyşmaga aýratyn üns çekdiler.

5. Monte-Karlo şäherinde 47-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilýär. Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem bu festiwala gatnaşýar. Türkmen jigitleri ahalteke atlarynda özboluşly tomaşalary görkezmek bilen, dünýä derejesinde türkmen sungatynyň we medeniýetiniň şan-şöhratyny has-da artdyrýarlar.

6. Brýusseliň abraýly Sablon galereýa etrapçasynda türkmen medeniýetine bagyşlanan özboluşly medeni çäre geçirildi. Aýratyn galereýada Türkmenistanyň milli şaý-sepleri, halylary, dokma önümleri we beýleki amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezildi. Bu medeni çäre ilçileri, Ýewropa Birleşiginiň wekillerini we Merkezi Aziýanyň baý medeniýetine gyzyklanma bildirýän medeniýet işgärlerini özüne çekdi. Türkmenistanyň ilçihanasynyň goldaw bermeginde guralan sergi halklaryň arasyndaky hakyky medeni köpri boldy.

7. Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň ýaşaýjysy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany Köşek Soltanmyradow 100 ýaşyny belledi. Bu şanly ýubileý ýaşy bilen ony dogan-garyndaşlary, ýakynlary hem-de ýerli häkimiýetiň wekilleri mähirli gutladylar. Mertligi we gaýduwsyzlygy üçin orden-medallara mynasyp bolan Soltanmyradow 1943-nji ýylda fronta gidýär. Uruşdan gaýdyp gelenden soň ol uzak wagtlap hukuk goraýjy edaralarda işleýär. Ýubileý ýaşy mynasybetli oňa gymmat bahaly sowgatlar we gül çemenleri gowşuryldy.

Dünýäde

8. «Apple» bu ýylda täze önümleriniň köp sanlysyny tanyşdyrar. 2025-nji ýylda M4 çipli täzelenen «MacBook Air», täze dizaýn we aýratynlyklary bolan «iPhone SE 4», täze «iPad» we öý stansiýasy ýaly enjamlaryň çykmagyna garaşylýar. Ýylyň esasy tanyşdyrylyşy sentýabr aýynda «iPhone 17 Air-iň» hem-de giňeldilen saglyga gözegçilik aýratynlyklary we 5G goldawy bolan täze «Apple Watch» sagadynyň tanyşdyrylmagy bolar.

9. Tafts uniwersitetiniň amerikan alymlary şekerli içgileriň sarp edilmegi bilen dürli keseller sebäpli ölüm derejesiniň artmagynyň arasyndaky aladalandyryjy baglanyşygy kesgitlediler. 118 ýurtdan 2,9 million adamyň üstünde geçirilen gözlegde şekerli içgileriň her ýylda 1,2 million täze ýürek keseline we 2,2 million süýji keseline sebäp bolýandygy anyklandy. Ösýän ýurtlarda bu ýagdaý aýratyn möhümdir, bu ýurtlarda şekerli içgileriň sarp edilmegi ýürek-damar keselleri we süýji keseli sebäpli ýokary ölüm derejesi bilen baglanyşyklydyr.

Sport täzelikleri

10. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý kluby möhletinden öň ýurduň çempiony bolup, milli ýaryşda yzly-yzyna 10-njy gezek ýeňişini gazandy. Kümüş medala «Oguzhan» topary, bürünç baýrada bolsa «Şir» mynasyp boldy. Ýeri gelende bellesek, 7 – 15-nji fewral aralygynda hokkeý boýunça Türkmenistan milli ýygyndysy Harbinde geçiriljek IX Gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşar.

11. Russiýaly garyşyk söweş sungatlary boýunça türgen Islam Mahaçew braziliýaly Renato Moýkanony ýeňdi we ýeňil agram derejesinde UFC-niň çempionlygyny gorady. Los-Anjelesde geçirilen UFC 311 ýaryşynyň esasy wakasy Mahaçewiň birinji raundda bogmak tilsimi arkaly tiz ýeňşi bilen tamamlandy. Moýkano Mahaçew bilen rewanş tutluşygyny geçirmeli, ýöne agramyny azaltmak bilen bagly arkasynda ýüze çykan şikes sebäpli söweşden çekilen Arman Sarukýanyň ornuna tutluşyga çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň